SPORT

Žordan Hendersonyň üstünligi

BBC-niň tomaşaçylarynyň ses bermegine görä, “Liwerpulyñ” ýarymgoragçysy Žordan Henderson Angliýanyñ Premýer Ligasynyñ iñ gowy oýunçysy adyna mynasyp boldy.

Saýtda bellenişi ýaly angliýaly ýarymgoragçy Žordan Henderson ses berlişikde 23% göterim ses gazandy. Ikinji orunda topardaşy Sadio Mane eýeledi. Mane 17% göterimi toplamagy başardy. Üçünji orny “Mançester Siti” toparynyñ ýarymgoragçysy Kewin de Bruýne eýeledi, ol 14% göterim ses aldy.

Şeýle hem “Liwerpul” toparynyñ 7 oýunçysy möwsümiñ düzümine girmäge başardy. Häzirki wagtda Henderson Angliýanyñ çempionatynda 25 oýuna çykyp, 5 gezek ýardam pasyny we 3 gezek gol geçirmegi başardy.

Related posts

Gruziýanyň milli ýygyndysyna 10 million ýewro berildi

Tokio 2020 oýunlary süýşirilmegine garaşylýar

Ispaniýa – futbolyň ägirdi