BIZNES

Teslanyň Fremont zawody gaýtadan açylar

Dünýäniň iň öňdebaryjy Tesla ulag kompaniýasy özüniň Fremont zawodyny gaýtadan işe başlatmagy meýilleşdiýär. Bu zawodyň işgärleriniň 30 göterimi 8-nji maýda işe başlar. Kompaniýanyň bu zawody ýene-de özüniň önümlerini alyjylara ýetirer. Bu zawod esasan hem «Model Y» kysymly awtoulagy öndürýär. Kompaniýada işgärleriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilen. Yzyna işe dolanan işgärler kompaniýanyň abraý hem-de ykdysady taýdan ösdürmekde irginsiz zähmet çekjekdigini aýdýarlar. Kompaniýasyň baş direktory Elon Mask öz işgärlerinden ýokary netijelere garaşýar. Direktor zawodyň ýapyk döwründäki girdejini gaýtadan gazanmagy meýilleşdirýär.

 

Related posts

Global Gaz pazarı gelişiyor: Türkmenistan’ın gaz ihracat olanakları artıyor

vepa

Türkmenistan : Merkezi Aziýanyň Merjeni

vepa

Türkmenistan dünýäniň işewürleriniň üns merkezinde