BIZNES

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

ABŞ-nyň “C&N Associates” kompaniýasy Özbegistanyň Nurafşan şäherinde “akylly” şäher taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada Daşkent oblastynyň häkimligi habar berdi.

– Baş müdir Jeýms Habbaryň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň “C&N Associates” kompaniýasynyň wekiliýeti Daşkent oblastynyň häkimi Zoýir Mirzaýew bilen duşuşdy. Bu duşuşykda amerikan kompaniýasy Nurafşan şäherinde 1600 gektar meýdanda “akylly” şäher konsepsiýaysna laýylykda, täze şäheriň taslamasyny hödürledi – diýlip, metbugat beýanatynda bellenildi.

“Akylly” şäher taslamasynyň umumy bahasy 10-15 milliard dollara deňdir. Onuň durmuşa geçirilmegi üçin 15-den gowrak maýadaryň çekilmegi meýilleşdirilýär. Ilkinji tapgyrda ýerli çig maldan ýokary hilli we arzan gurluşyk materiallaryny öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem bu täzeçil şäherde döwlet kärhanalaryny we guramalaryny, lukmakçylyk we bilim edaralaryny ýerleşdirmek, şeýle hem senagat zolaklary we tehnoparklary döretmek hem teklip edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça maslahatlaşylan hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekişmek çözgüdi kabul edildi.

Related posts

Bazar bahasy 2,4 trillion dollardan geçýär

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosini satyn aldy

Oba hojalygynda düýpli maýa goýumlary özleşdiriler