SIZDEN GELENLER

Magtymguly – dünýä şahyry

Mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty çuň mazmunlydyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz türkmen edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren nusgawy şahyrdyr.

Beýik Pyragynyň döredijiligi uly bir umman. Beýik söz ussady tutuş adamzada söz mülküniň täjini — bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri miras goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.

Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry halkymyza, ilkinji nobatda, türkmen edebiýatyna ýapylan ajaýyp serpaý boldy.

Dana akyldaryň goşgulary diňe bir türkmen edebiýatynyň taryhynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Beýik şahyryň ýaşaýyş we onuň gurluşy baradaky pikir ýöretmeleri töwerekleýin öwrenilmäge mynasyp gyzykly edebi mirasdyr. Şahyryň geçmişiň akyldarlarynyň adamzadyň ýaşan ähli döwrüne degişli oý-pikirlerini özünde jemleýän şygyrlaryndan käbiriniň terjimesini okamak bilen alan täsirlerim, şahyryň öňe sürýän ideýalarynyň çeper beýany ýapon okyjysy hökmünde mende onuň döredijiligini içgin öwrenmek höwesini döretdi. Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň ylymly, dana şahyr bolup, onuň eserleriniň ogly Magtymguly Pyraga güýçli täsirini ýetirendigine göz ýetirmek bolýar.

Magtymgulynyň goşgularynda türkmen halkynyň agzybirlik, asudalyk we parahatçylyk baradaky arzuw-hyýallary aýdyň şöhlelenýär. Şahyryň bu baradaky çagyryşlary türkmen halkynyň şu günki bagtyýarlyk döwründe hem halkyňdyr döwletiň baş şygary bilen utgaşýar. Onuň adamzadyň ruhyýetine we aňyýetine güýçli täsir eden «Türkmeniň» goşgusy bolsa türkmen halkynyň köňül senasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary ähmiýet bermek bilen, şeýle diýýär: «Türkmen halkynyň taryhynda Azady, Magtymguly, Andalyp, Kemine ýaly çuňňur filosofiýa, ýiti pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri peşgeş beren söz ussatlary, akyldar-danalar az däl. Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň, halk döredijiligiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir».

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny döretmegi we 2024-nji ýylyň hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi tutuş türkmen halkymyzy buýsandyrdy. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi akyldara bolan beýik sarpanyň güwäsi.

Häzirki döwrüň bagtyýar nesilleri Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryny özleriniň ýakyn ýardamçysy hasaplaýar. Çünki Pyragynyň şirin şygyrlary tutuşlygyna watanperwerlige ýugrulan. Watançylyk duýgusy bolsa, ähli üstünlikleriň hem rowaçlyklaryň gözbaşy. Sebäbi her kimiň Watana bolan söýgüsine görä zehin bulagy giňeýär. Bu günki merdana Watan goragçylary hem söz äleminiň serweriniň nusga alarlyk şygyrlaryny özlerine ýol-ýörelge edinýär. Çünki beýik akyldar çuňňur mana ýugrulan goşgularynda watansöýüjilik, mertlik, ynsanperwerlik, akýüreklilik, edermenlik, birsözlülik, adalatlylyk hem zähmetsöýerlik ýaly her bir Watan goragçysynda bolaýmaly adamkärçilik duýgulary dogrusynda söz açýar.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ýurdumyzda giňden bellenilýär. Akyldaryň döredijiligine sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!

Gurbantäç Bäşimowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň biologiýa mugallymy.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk