Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün Hamallar üçin işjeňlik we täze başlangyçlar üçin diýseň amatly pursatlar döreýär. Siziň täze pikirleriňiz we hödürleýän taslamalaryňyz diňe bir işdeşleriňiz däl, eýsem ýolbaşçylar tarapyndan hem gyzgyn garşylanyp, doly goldanylyp bilner. Bu gün öz ukyplaryňyzy görkezmekden çekinmäň, sebäbi ýyldyzlar siziň tarapyňyzda durýar. Emma şeýle şowlulyklaryň arasynda öz emosional ýagdaýyňyza üns bermekligi hem ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Ownuk-uşak päsgelçilikler ýa-da garaşylmadyk sözler üçin gaharlanmak siziň esasy maksadyňyzdan sowmagyňyza sebäp bolup biler. Sabyrlylyk we sowukganlylyk şu günüň esasy açarydyr, şonuň üçin hemme zada akylly çemeleşiň. Işleriňizi tertipli alyp barsaňyz, günüň ahyrynda uly netijeleri gazanarsyňyz. Şahsy durmuşyňyzda bolsa ýakynlaryňyz bilen düşünişmek we olara wagt bölmek size ruhy rahatlyk berer. Maliýe taýdan hem käbir garaşylmadyk we ýakymly öňegidişlikler bolmagy gaty ahmal. Özüňize ynanmagy dowam ediň we daş töweregiňize diňe oňyn energiýa paýlaň. Agşamara dynç almak üçin asuda gurşawy saýlaň, bu siziň güýçleriňizi dikeltmäge kömek eder. Günüň dowamynda saglygyňyza hem seresap boluň we artykmaç ýüklenmelerden gaça duruň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar üçin bu gün maddy meselelerde we geljekki maliýe meýilnamalaryny düzmekde örän uly şowluluklar garaşýar. Siz ozal goýan maýa goýumlaryňyzyň ýa-da çeken zähmetiňiziň miwesini bu gün görüp başlap bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda we maşgala gatnaşyklaryňyzda parahatçylyk, agzybirlik hem-de özara düşünişmek doly höküm sürer. Ýakynlaryňyz bilen amala aşyryljak islendik gepleşik sizi biri-biriňize has-da ýakynlaşdyrar we öýdäki bereketi artdyrar. Emma günüň dowamynda diňe bir iş ýa-da pul barada oýlanman, öz ruhy dünýäňize hem wagt tapmalysyňyz. Agşamara öýde darygyp oturman, arassa howada gezelenç etmek siziň saglygyňyz we keýpiňiz üçin örän peýdalydyr. Täze tanyşlyklar       ýa-da köne dostlaryňyz  bilen duşuşmak sizde täze pikirleriň  döremegine sebäp bolar. Öz ukyplaryňyza şübhelenmäň, sebäbi siziň tutanýerliligiňiz islendik kynçylygy ýeňmekde kömek eder.Daş-töweregiňizdäki adamlara kömek bermekden gaçmaň, bu size geljekde gowy dostlary gazanmaga kömek eder. Günüň dowamynda iýmitiňize we ukyňyza üns bermek hem örän möhümdir. Islendik maddy amallary ýerine ýetireniňizde resminamalary ünsli barlamagy ýatdan çykarmaň. Bu gün siziň üçin durnuklylyk we geljege ynamly ädim ätmek günüdir.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin bu gün  ýyldyzlar aragatnaşyk, gepleşikler we täze tanyşlyklar gurmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri berýär. Siziň özüne çekiji häsiýetiňiz we dilewarlygyňyz islendik gapyny açmaga we adamlary öz tarapyňyza çekmäge ýeterlikdir. Öňden bäri çözülmän gelýän kyn meseleleri ýönekeý gepleşikler arkaly diýseň ýeňillik bilen çözüp bilersiňiz. Emma pikirleriňiziň gaty dagynyk bolmagyna ýol bermäň we diňe esasy maksatlaryňyza ünsüňizi jemläň. Köp sanly maglumatlaryň arasyndan size hakykatdan hem gerek bolanlaryny saýlap almagy başarmalysyňyz. Häzirki wagtda täze zatlary öwrenmek ýa-da hünär derejäňizi ýokarlandyrmak üçin has gowy pursatdyr.Günüň ikinji ýarymynda  syýahata çykmak ýa-da gysga wagtlyk saparlar hem diýseň netijeli we ýakymly bolar. Özüňizi aşa ýadaw duýmazlyk üçin işleriňiziň arasyna gysga arakesmeler goşmagy ýatdan çykarmaň. Agşamky wagtyňyzy bolsa iň ýakyn adamyňyz bilen geçirmek size emosional taýdan uly goldaw berer. Ýyldyzlar şu gün size öz ukyplaryňyzy doly açmaga we durmuşyňyzy täze rowaçlyklara tarap ugrukdyrmaga kömek eder.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu dün siziň intuisiýaňyz, ýagny duýgurlygyňyz adatdakysyndan has güýçli işlär we ol size kyn ýagdaýlarda dogry ýoly görkezer. Öý işleri bilen meşgullanmak, öýüňiziň rahatlygyny artdyrmak ýa-da ýakynlaryňyza goldaw bermek size ruhy taýdan uly rahatlyk berer. Günüň dowamynda berjek kararlaryňyzda gyssaglylykdan gaça duruň we hemme zady inçelik bilen oýlanyň. Şahsy durmuşyňyzda bolsa köne öýke-kineleri unudyp, täze sahypa açmak üçin amatly pursat döreýär. Kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklarda sabyrly boluň, sebäbi siziň duýgudaşlyk ukybyňyz işdäki dartgynlylygy ýumşatmaga kömek eder. Maliýe taýdan uly töwekgelçiliklere barmak häzirki wagtda maslahat berilmeýär, ýöne tygşytlylyk geljekde öz miwesini berer. Saglygyňyza seretmegi we aşa emosional ýüklenmelerden goranmagy unutmaň.Özüňize bolan ynamyňyzy berkidiň, sebäbi siziň mähirliligiňiz daş-töweregiňizdäki dünýäni has-da gözelleşdirýär. Geljekki meýilnamalaryňyzy kagyza geçirmek hem size täze maksatlar goýmaga ýardam eder.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Siziň tebigy ýolbaşçylyk häsiýetleriňiz we tapawutlanýan ukyplaryňyz töweregiňizdäki adamlaryň we ýolbaşçylaryň ünsüni hökman çeker. Köpçülikleýin çärelerde, toparlaýyn işlerde ýa-da jemgyýetçilik durmuşynda öňe saýlanarsyňyz we köpleriň ynamyny gazanarsyňyz. Şeýle hem  bu gün  siz  islendik kynçylygyň hötdesinden  özüňize  bolan  ýokary ynamyňyz arkaly gelip bilersiňiz. Emma tekebirlikden  gaça durup, başgalaryň hem pikirine sarpa goýmagy başarmaly bolarsyňyz. Iş ýeriňizde  täze başlangyçlar etmek üçin ýyldyzlar size doly goldaw bererler çekinmän ädim ädiň. Öz energiýaňyzy dogry gönükdirseňiz, gysga wagtyň içinde uly meşhurlyk we abraý gazanmagyňyz mümkindir. Maliýe ýagdaýyňyz hem kem-kemden durnuklaşar we täze girdeji çeşmeleri barada habarlar gelip biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler üçin bu gün iş ýerinde aýratyn takyklygy, tertibi we seresaplylygy saklamaly möhümdir. Islendik resminamalar, hasabatlar ýa-da inçe hasaplamalar bilen işleşeniňizde gaty ünsli boluň, sebäbi kiçijik bir ýalňyşlyk köp wagtyňyzy alyp biler. Siziň tertipliligiňiz we her bir zada içgin çemeleşmegiňiz şu günki üstünlikleriňiziň esasy kepili bolar. Saglygyňyza aýratyn üns bermegi, aýratyn-da iýmit we dynç alyş düzgünlerini bozmazlygy ýyldyzlar maslahat berýärler. Bedeniňiziň berýän yşaratlaryna gulak asyň we aşa ýadamakdan saklanmaga çalşyň. Şahsy gatnaşyklarda bolsa ownuk-uşak zatlara  tankydy göz bilen seretmän düşünişmäge ymtylyň. Ýakynlaryňyzyň goldawy size kyn pursatlarda goşmaça güýç berer we ruhy dünýäňizi galkyndyrar. Maliýe taýdan meýilnamalaýyn hereket etmek we artykmaç çykdajylardan saklanmak geljekki durnuklylygyňyzy üpjün eder. Häzirki wagtda täze bilimleri öwrenmek ýa-da hünäriňizi kämilleşdirmek üçin okuwlara gatnamak örän netijeli bolar. Öýüňizde tertip-düzen döretmek we gereksiz zatlardan dynmak ruhuňyzy täzelär. Siziň zähmetsöýerligiňiz hökman mynasyp bahalandyrylar, diňe sabyrlylygy we asudalygy saklaň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar üçin bu gün döredijilikli pikirler we ylham bilen doly, gaty gyzykly gün bolar. Islendik mesele ýa-da işe täzeçe, özboluşly çemeleşmek size garaşylmadyk üstünlikleri we jemgyýetde abraý getirer. Bu gün täze bir zada başlamak, sungat bilen meşgullanmak ýa-da öz hünäriňizde innowasion çözgütleri ulanmak üçin amatly pursatdyr. Syýahata çykmak, täze ýerleri görmek ýa-da başga medeniýetleri öwrenmek size diňe bir şatlyk däl, eýsem täze tejribeleri hem berer. Dostlaryňyzdan ýa-da uzakdaky garyndaşlaryňyzdan örän hoş we şatlandyryjy habarlary eşitmegiňiz ahmal. Siziň diplomatiýa ukybyňyz islendik dartgynly ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen çözmäge kömek eder. Şahsy durmuşyňyzda bolsa romantik pursatlar we ýakymly duşuşyklar siziň keýpiňizi has-da göterer. Maliýe taýdan hem şowlulyk siziň tarapyňyzda, ýöne puluňyzy paýhasly ulanmagy hem başarmaly bolarsyňyz. Özüňizi bagtly duýmak üçin kiçijik zatlardan lezzet almagy we töweregiňizdäki gözellikleri görmegi başaryň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün maliýe meseleleriňizde  we maddy amallarda örän seresap bolmagy talap edýän gündür. Uly möçberli söwdalary, karz bermekligi ýa-da töwekgelçilikli şertnamalary başga bir amatly güne goýanyňyz has bähbitli bolar. Emma bu gün öz içki dünýäňize we gizlin duýgularyňyza seretmek örän netijeli we täsirli bolar. Geljekki maksatlaryňyzy anyklamak we size päsgit berýän endiklerden dynmak üçin iň gowy pursatdyr. Özüňizi has gowy tanamak we ruhy taýdan ösmek üçin dürli tejribeleri ýa-da meditasiýalary synap bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklaryňyzda gizlinlikden gaça durup, has açyk we dogruçyl bolmaga çalşyň. Siziň güýçli erkiňiz we çydamlylygyňyz islendik kynçylygy ýeňip geçmäge we öňe gitmäge ýardam eder. Iş ýeriňizde  bolsa öz meýilnamalaryňyzy häzirlikçe hemmelere aýan etmän, asuda işlemek maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda  maşgalaňyzda bolup biljek kiçijik düşünişmezlikleri sabyrlylyk we paýhas bilen ýatyrmaga çalşyň. Öz güýjüňize we başarnygyňyza şübhelenmäň, siziň ukyplaryňyz örän ulydyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   

Kowuslar üçin  hyzmatdaşlyk, dostlukly gatnaşyklar we jemgyýetçilik işleri esasy  merkezde bolar. Ýanýoldaşyňyz, işdeşleriňiz ýa-da täze hyzmatdaşlaryňyz bilen bilelikde meýilnama düzmek geljekde size uly miwe we üstünlikleri  berer. Siziň tebigy şadyýanlygyňyz we optimizmiňiz  geljege uly umyt bilen bakmagyňyz töweregiňize ajaýyp energiýa paýlar. Köp sanly adamlaryň arasynda bolmak we olar bilen pikir alyşmak siziň ruhuňyzy has-da galkyndyrar. Şahsy durmuşyňyzda bolsa täze tanyşlyklar durmuşyňyzyň akymyny täze bir ugra tarap üýtgedip biljek güýje eýedir. Häzirki wagtda täze bilimleri öwrenmek, daşary ýurt dillerini özleşdirmek ýa-da ylym bilen meşgullanmak örän bähbitlidir. Maliýe taýdan hem işjeňligiňiz sebäpli käbir garaşylmadyk girdejileriň bolmagy gaty ahmal. Emma her bir maglumatlary özüňiz barlap görmegi hem ýatdan çykarmaň. Syýahat etmek ýa-da täze ýerlere gezelenç etmek siziň dünýägaraşyňyzy has-da giňelder. Agşamara wagtyňyzy dostlaryňyz bilen gyzykly oýunlar ýa-da gürrüňdeşlikler bilen geçirmek siziň keýpiňizi has-da göterer.

 

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün gündelik edilmeli adaty  işler bilen geçer, bu bolsa sizi birneme ýadadyp biler. Emma bu işliňizde  geljekki uly üstünlikleriňiziň we durnuklylygyňyzyň binýadyny tutýandygyny hiç wagt unutmaň. Sabyrly bolmagy başaryň we ownuk kemçiliklere ýa-da adamlaryň size ýaramaýan gylyklaryna üns bermän geçmegi öwreniň. Iş ýeriňizde  takyklygy we jogapkärçiligi saklasaňyz, ýolbaşçylar tarapyndan hökman mynasyp bahalandyrylarsyňyz. Siziň tutanýerliligiňiz we tertip-düzgünliligiňiz kyn meseleleriň dogry çözgüdini tapmaga ýardam eder. Saglygyňyza we fiziki ýagdaýyňyza üns beriň, bedeniňize dynç bermek üçin wagt tapyň. Şahsy gatnaşyklaryňyzda bolsa has mähirli we düşünişmek üçin ymtylýan adam bolmaga çalşyň. Maşgala agzalaryňyzyň maslahatlary käbir maddy meselelerde size uly kömek berip biler. Maliýe taýdan tygşytly bolmak  maslahat  berilýär. Agşamky wagtyňyzy asuda gurşawda, kitaba  ýa-da özüňiz üçin peýdaly bir işe sarp etseňiz, güýç-kuwwatyňyz dikeler. Özüňize bolan ynamyňyz siziň iň uly baýlygyňyzdyr, ony gorap saklaň we asla ruhdan düşmäň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar üçin bu gün täze we batyrgaý başlangyçlar we  taslamalar üçin örän amatly şertleri döredýär. Özüňize bolan çäksiz ynamyňyz we täzeçil pikirleriňiz islendik päsgelçilikden geçmäge we öňe gitmäge kömek eder. Islendik meselelere  adaty däl, özboluşly çemeleşmegiňiz sizi töweregiňizdäkilerden has ýokary saklar. Söýgi meselelerinde we şahsy durmuşyňyzda garaşylmadyk, ýöne örän ýakymly öwrülşikler we täze tanyşlyklar bolup biler. Siziň erkinligi söýýän häsiýetiňiz arkaly  täze dostlaryň we pikirdeşleri tapmagyňyza  sebäp bolar. Iş ýeriňizde  täze tehnologiýalary ulanmak ýa-da işiň gidişini dörebaplaşdyrmak diýseň netijeli bolar. Maliýe taýdan hem käbir ýakymly habarlar ýa-da goşmaça girdeji çeşmeleri barada maglumat gelmegi ahmal. Häzirki wagtda öz kärdeşleriňize  işjeňlik görkezmek üçin amatly pursatdyr. Dostlaryňyz bilen bilelikde täze taslamalaryň üstünde işlemek size uly höwes we ruhubelentlik berer.Şeýle hem   agşamara täze bir zat öwrenmek ýa-da hünär derejäňizi ýokarlandyrjak maglumatlar bilen tanyşmak peýdaly bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin bu gün öý we maşgala meseleleri birinji orunda durar. Öýüňizi abadanlaşdyrmak, täze bezegleri goşmak ýa-da ýaşaýyş şertleriňizi gowulandyrmak üçin diýseň amatly we bereketli gün. Ýakynlaryňyzyň aýratyn-da uly ýaşly maslahatçylaryň sözlerine gulak asyň, bu size käbir inçe meselelerde dogry netijä gelmäge uly ýardam eder. Siziň ýürekden gelýän mähirliligiňiz we duýgudaşlygyňyz öýdäki agzybirligi we asudalygy saklamaga kömek eder. Iş ýeriňizde bolsa ownuk düşünişmezliklerden gaça durmak üçin sabyrlylygy saklamaly bolarsyňyz. Häzirki wagtda ruhy taýdan täzelenmek, meditasiýa      ýa-da diňe özüňiz bilen galmak size güýç-kuwwat berer. Şahsy durmuşyňyzda ýanýoldaşyňyz bilen aradaky ynamy berkitmek üçin has  gowy pursatlar dörär. Maliýe taýdan bolsa artykmaç we gyssagly çykdajylardan saklanyp, tygşytlylyk ýoluny saýlasaňyz has bähbitli bolar. Dostlaryňyzdan ýa-da ýakyn tanyşlaryňyzdan geljek kömek size uly göwünlik berer we kynçylyklary ýeňmäge kömek eder.