CES 2026 Las Vegas

“Apple”-iň esaslandyryjysy Stiw Wozniak “DREAME NEXT 2026” çäresine gatnaşdy

San-Fransisko, 29-njy aprel 2026 — “Atavatan Media” topary 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde San-Fransiskodaky meşhur “Palace of Fine Arts” binasynda geçirilen “DREAME NEXT 2026” halkara tehnologiýa çäresiniň “Connect Next” bölümine gatnaşdy.

“DREAME NEXT 2026” çäresi 27–30-njy aprel aralygynda geçirilip, emeli intellekt, robot tehnologiýalary we “akylly durmuş” konsepsiýasy boýunça dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa çözgütlerini hödürleýän global platforma hökmünde çykyş etdi.

 

Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan tehnologiýa ýolbaşçylary, alymlar, media wekilleri we innowatorlar gatnaşdy. Bu çäre diňe bir täze önümleri tanyşdyrmak däl-de, eýsem geljek on ýylyň tehnologiýa ösüş ugurlaryny kesgitlemek maksadyny hem öz öňünde goýýar.

29-njy apreldäki “Connect Next” bölümi aýratyn üns çekiji boldy. Bu günki çäräniň esasy myhmanlarynyň biri, Steve Wozniak boldy. Ol 1976-njy ýylda Steve Jobs bilen bilelikde Apple kompaniýasyny esaslandyryjy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Häzirki wagtda Apple kompaniýasy, esasan-da, iPhone arkaly akylly telefon bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

 

Resmi maksatnama laýyklykda, bu gün şahsy elektron enjamlaryna bagyşlanan bölüm bolup, täze smartfonlar, akylly enjamlar we beýleki şahsy tehnologiýalar tanyşdyryldy.

“Atavatan Media” wekilleri şol gün Steve Wozniak tarapyndan geçirilen çykyş we panel söhbetdeşlige gatnaşyp, onuň mobil tehnologiýalaryň geljegi baradaky pikirlerini diňlediler. Ol çykyşynda tehnologiýanyň ösüşiniň yzygiderli kämilleşdirmek arkaly gazanylýandygyny nygtady.

 

 

Şol günki programmanyň çäginde “Dreame Technology” tarapyndan täze nesil şahsy elektron enjamlary, şol sanda smartfonlar hem resmi taýdan tanyşdyryldy. Bu enjamlar kompaniýanyň emeli intellekt bilen utgaşdyrylan täze tehnologiýa ekosistemasynyň bir bölegi hökmünde görkezildi.

“DREAME NEXT” çäresi diňe bir önüm tanyşdyryş meýdançasy bolman, eýsem “geljekde tehnologiýa nähili bolmaly?” diýen soraga jogap gözleýän halkara platforma hökmünde çykyş edýär. Çäräniň esasy ideýasy – emeli intellekt döwründe ähli önümleri täzeden gözden geçirmek we has akylly, baglanyşykly durmuş ulgamyny döretmekdir.

 

“Dreame Technology” kompaniýasy 2017-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda işleýän halkara tehnologiýa brendine öwrüldi. Kompaniýa akylly öý enjamlaryndan başlap şahsy elektronika çenli giň ugurlarda önüm öndürýär.

“Atavatan Media” bu çärä gatnaşyp, dünýä tehnologiýasynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky möhüm maglumatlary okyjylara ýetirmegi dowam edýär. Ýadyňyzda bolsa, “Atavatan Media” 2026-nji ýylyň ýanwar aýynda Las Wegasda geçirilen “CES 2026” çäresine hem gatnaşypdy.

 

Ýene-de okaň

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri

CES 2026: Qlay AI interwýularda galplyga garşy täze nesil çözgüdini tanyşdyrdy

ModigenceVision fiziki AI üçin 3D perception we edge AI çözgütlerini tanyşdyrýar

LebenGrida ýaşlanýan jemgyýetler üçin AI esasly kognitiw saglyk çözgütlerini tanyşdyrýar

HIROH maglumat howpsuzlygy boýunça täze nesil smartfonyny tanyşdyrýar

Digi International sanly saglyk ulgamlary üçin ygtybarly baglanyşyk