DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Igor Brilewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, özara bähbitli we strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar döwlet Baştutanlarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde täze belentliklere çykýar.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn hem-de sebitara gatnaşyklaryň, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi parlament diplomatiýasynyň üsti bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň çäginde döwletara hyzmatdaşlygy goldamagy has-da işjeňleşdirmegä çalyşýar. Iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine uly üns berilýär.

Taraplar bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň işini has-da kämilleşmegiň, ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmegiň, kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň esasy ugurlar bolup durýandygyny bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki döwletiň hem-de türkmen we belarus halklarynyň arasynda ynanyşmak, hormat goýmak, deň hukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigini nygtadylar.

Related posts

ÝB-niň ilçisi Diego Ruiz: Ýewropanyň gaz bazary täze taslamalara açyk

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar