DÜNÝÄ

Astrahan bilen Türkmenbaşy doganlaşan şäher boldy

Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheri bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Astrahan şäheriniň arasynda doganlaşan şäher bolmagy baradaky ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Astrahanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde duşuşyk geçirdi.

Astrahanyň metbugatynyň habar bermegine görä, Astrahan oblastynyň hökümetiniň ýolbaşçysy Oleg Knýazewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Bu gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen beýleki birnäçe resminamalara gol çekildi. gol çekilen resminamalaryň arasynda: Astrahan oblasty bilen Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygy, Astrahanyň W.H. Tatişew adyndaky döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewanyň arasynda bilim baradaky ylalaşyga gol çekildi. Iki ýurduň uniwersitetleri bilelikdäki taslamalary alyp barar, akademik alyş-çalşygyny geçirer, hünär kämilleşdiriş okuwlary guralar.

– Bizde 1800 sany daşary ýurtly talyp bilim alýar. Şolaryň ýarysyndan gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Biz mundan beýläk-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýäris – diýip, rektor Konstantin Markelow habar berdi.

 

Türkmenistan bilen Russiýa söwda-ykdysady ylalaşyklara gol çekişer

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy