DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa söwda-ykdysady ylalaşyklara gol çekişer

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu saparyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz meselelerine gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowagyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa saparyny hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň gol çekmäge taýýarlanyşy barada maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň özüniň ilkinji daşary ýurt resmi sapayrny Russiýa amala aşyrmak baradaky çözgüdiniň Türkmenistanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny bellän Aleksandr Nowak:”Gatnaşyklarymyz strategiki häsiýete eýe, hyzmatdaşlyk dostluk we birek-birege hormat goýmak esasynda ösýär. Gatnaşyklaryň esasyny, 2017-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk barada gol çekilen şertnama düzýär. Prezidentlerimiz hemişe aragatnaşyk saklaýarlar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi oňyn depginini saklaýar” diýip belledi.

Russiýanyň wise-premýeri ýangyç -energetika toplumynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda möhüm orun degişlidigini belläp, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz goruna eýedigini belläp, 2019-nji9 ýylyň 1-nji iýulynda “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda gol çekilen türkmen tebigy gazyny alym-satym ylalaşygyna laýyklykda, bu ugurda üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.

Şeýle hem Nowak Russiýanyň Türkmenistanyň nebitiniň daşalmagyna özüniň hyzmatlaryny hödürleýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ýük geçelgesi arkaly ýük akymlaryny artdyrmaga mümkinçiliginiň bardygy bellenildi.

Aleksandr Nowak türkmen wekiliýetini şu ýylyň güýzünde geçirilmegi meýilleşdirilen birnäçä halkara forumlara – 25-nji Peterburg halkara ykdysady forumyna, 2-nji Hazar ykdysady forumyna hem-de Russiýanyň energetika forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

 

Türkmenistan Owganystan bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdy

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy