DÜNÝÄ

Özbegistan Russiýadan 2,8 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alar

Özbegistan her ýyl Russiýa Federasiýasyndan 2,8 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi.

Onuň bellemegine görä, şu gün Özbegistan tarapyndan rus gazyny satyn almaga badalga berler. Munuň bilen baglanyşykly dabara Russiýada saparda bolýan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşar.

Özbegistanyň Energtika ministrligi şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Russiýadan tebigy gaz satyn almak babatda degişli infrastrukturanyň taýýardygyny mälim edipdi.

Rus gazy Özbegistana Gazagystanyň üsti bilen iberiler. Ilkinji gezek Russiýanyň tebigy gazynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna iberiljekdigini, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşgyndan soňra belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, bu özara bähbitli taslama hem Özbegistanyň hem-de Gsazagystanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler