DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Hirosima we Nagasakidäki çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosimada we 2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.

Çärelere Premýer-ministr Ş.Işiba, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýolbaşçylar we parlamentiň agzalary, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Ýatlama çärelerinde ýadro ýaragyny ulanmakdan ýüz öwürmek we halkara jedelleriň soňlanmagy meselelerine üns berildi.

Hirosima we Nagasaki şäherleriniň ýolbaşçylary döwlet baştutanlaryny dialog arkaly gurlan ynanyşmaga esaslanýan howpsuzlyk düzümlerini döretmäge çagyrdy.\

 

 

Hirosima we Nagasakide geçen çäreleriň netijeleri boýunça beýleki meseleler bilen bir hatarda Parahatçylyk Jarnamasy kabul edildi we Ýapon Hökümetini Ýadro ýaragyny gadagan etmek hakynda şertnama gol çekmäge we tassyklamaga hem-de 2026-njy ýylda Ýadro ýaragyny gadagan etmek hakynda şertnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça maslahatynda dünýä liderlerini ýadro ýaragyny ýok etmek boýunça anyk ýol kartasyny hödürlemäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi