DÜNÝÄ

BAE 4,5 günlük iş hepdesine geçýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak we iş durmuşynyň deňagramlylygyny ýokarlandyrmak üçin täze iş hepdesine geçýär.

Bu özgertmäniň şol bir wagtyň özünde emirlikleriň boş wagtlaryny we öndürijiligini ýokarlandyrmagyna garaşylýar. Dynç günleri indi anna we şenbe däl, şenbe we ýekşenbe günleri bolar.

2022-nji ýylda täze tertibe geçiş döwlet işgärleri we mekdepler bilen başlandy. Soňra maliýe ulgamlaryň işgärleri hem olara goşuldy. Wagtyň geçmegi bilen hususy pudak hem olaryň hataryna goşular.

BAE-de işleýän halkara guramalar hem ýurduň bu iş tertibini goldap çykyş etdi. Şeýlelikde, BAE 4,5 günlük iş gününi kabul eden dünýäde ilkinji ýurt bolup durýar.

 

Sukerberg 31 milliard dollar ýitirdi

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Gyrgyzystanda prezident saýlawlary 2027-nji ýylda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin: türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy iň gowy döwrüni başdan geçirýär