BIZNES

Türkmenistanyň işewürler wekiliýeti Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat şäherinde saparda bolýar. Saparyň maksady iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr.

Hyrat şäheriniň senagat we söwda edarasynyň müdiri Başir Muhammad Sirat türkmen wekiliýeti bilen birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutulyp, wekiliýetiň Owganystanyň senagat zolaklaryna, şeýle hem Hyratdaky mermez zawdoyna baryp görmeginiň meýilleşdirilendigini belledi. Türkmen tarapy bilen mermer we gurluşyk materiallarynyň eskporty barada gepleşikler göz öňünde tutuldy.

Türkmen tarapy Hyratyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy we duşuşykda häkim Hyratda 1000-e golaý zawodyň bardygyny belläp, olaryň önümleriniň hususy pudak tarapdan amala aşyrylýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanda saparda bolup, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşypdy we bu duşuşykda Hyratda iri logistika merkeziniň döredilmegi babatda ylalaşyk gazanylypdy.

Related posts

Uzynadada tebigy gazyň senagat akymyny alyndy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň awtomobil kompaniýasy Azerbaýjanyň bazaryna girýär

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýylda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar