SPORT

Arda Gülerli “Real Madrid” Ispaniýanyň çempiony boldy

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda çempionlar belli bolup barýar. Germaniýada “Baýer”, Italiýada “Inter”, Fransiýada “PSŽ” wagtyndan öň çempionlygyny yglan edildi. Indi bolsa, Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” çempionatynyň tamamlanmagyna 4 hepde galandygyna garamazdan, çempionlygyny yglan etdi.

Çempionatyň 34-nji tapgyrynda “Real Madrid” topary öz meýdançasynda “Kadis” toparyny 3:0 hasabynda utdy. Çempionatyň sanawynda 2-nji orunda barýan “Barselona” topary bolsa, myhmançylykda “Žirona” toparyndan 4:2 hasabynda utuldy.

Şeýlelikde, Karlo Ançelottiniň şägirtleri “Real Madrid” topary çempionatyň tamamlanmagyna 4 hepde galanda 87 utuk bilen çempion boldy.

“Real” topary soňky gezek 2021-2022-nji möwsümde çempion bolupdy. Geçen möwsümde “Barselona” öz çempionlygyny yglan edipdi.

Şeýlelikde, “Real Madrid” topary 36-njy gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Soňky 5 möwsümde 3 gezek çempion bolan “Real Madrid” çempionlykda Ispaniýada rekord derejäniň eýesidir. “Barselona” topary 27 gezke çempion bolan bolsa, “Atletika Madrid” topary 11 gezek çempion boldy.

Toparyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti “Real Madrid” topary bilen 12-nji, umumylykda bolsa, 27-nji kubogyny eýeledi.

Şa klubynyň düzüminde oýnaýan Arda Güler ilkinji gezek Ispaniýanyň çempiony bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy