SPORT

Jerrard 40 ýaşady

Angliýanyň “Liwerpul” toparyň ozalky meşhur ýarymgoragçysy Stiwen Jerrardy doglan güni bilen gutlady. 30-njy maýda häzirki wagtda Şotlandiýanyň “Reýnjers” toparynyň baş tälimçisi 40 ýaşady.

“Stiw, doglan günüň gutly bolsun “- diýlip, “Liwerpul” toparynyň öz “Twitter” sahypasynda bellenilip geçilýär.

Jerrard 1998-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli “Liwerpulyň” esasy toparynda oýnady. Toparyň düzüminde 710 oýun geçirip, 186 pökgi geçirdi. Ol bu toparyň ýarymgoragçysy hökmünde iki gezek Angliýanyň kubogyny, üç gezek liganyň kubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA kubogyny, Angliýanyň super kubogyny we  UEFA-nyň Super kubogyny aldy.

Şeýle hem Jerrard Angliýanyň milli ýygyndysynda 114 duşuşykda oýnap, 21 pökgi geçirip, milli ýygyndydaky  karýerasy bilen hem tanalýar.

Ýene-de okaň

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar