SPORT

Serdar Azmun “Roma” toparyna geçdi

Eýranly futbolçy Serdar Azmun Germaniýanyň “Baýer” toparyndan Italiýanyň “Roma” toparyna geçdi. Eýranly futbolçy bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Şeýle hem şertnamada bu futbolçyny satyn almak şerti hem göz öňünde tutuldy.

Italýan topary eýranly hüjümçi üçin 12 million ýewro töledi. Serdar Azmun nemes toparyna geçmezden ozal, Russiýanyň birnäçe toparynda çykyş etdi. Ol “Rubin”, “Rostow” hem-de “Zenit” toparlarynda oýnap, birnäçe kuboklaryň eýesi boldy.

28 ýaşyndaky futbolçy italýan toparynda lukmançylyk barlagyndan geçer. Ol şu wagta çenli geçiren 316 duşuşygynda 115 gezek tapawutlandy. Şeýle hem Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem oýnap, bu ýerde 71 duşuşykda 45 gol geçirdi.

Related posts

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri