SPORT

Dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleri Arkadag şäherinde türgenleşer

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň täze derejelere ýetýändigini aýdyp, täze şäherde iri halkara sport ýaryşlaryny, türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip,  türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge degişli Karara gol çekendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleriniň türgenleşikleri geçirmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Munuň özi halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen ähmiýetli çözgütdir.

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder