DÜNÝÄ

Ärdogan 13 ýyldan soňra Yrakda saparda bolýar

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 13 ýyldan soňra Yraga resmi sapar bilen bardy. Ol Yragyň Prezidenti Abdulla Latif Raşid bilen Bagdadda duşuşdy.

Türk Lideriniň bir günlük resmi saparynyň çäklerinde ýurduň Premýer-ministri Muhammed as-Sudani bilen hem duşuşygy meýilleşdirildi.

Şeýle hem Ärdogan Erbil şäherine hem baryp görer.

Bagdaddaky duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, nebit we tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň forumy geçiriler. Forumyň gün tertibine 2030-njy ýyla çenli iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 20 milliard dollara ýetirmek ugrundaky wezipeler girizildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri