DÜNÝÄ

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.

TÄZE KANUNLAR KABUL EDILDI

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle-de şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi.

Related posts

Our “Neutrality” webpage has started to work

Ata Watan Eserleri

ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

TDG-niň sammiti: gazanylan ylalaşyklar we täze baş sekretar