TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasy 48 ýaşyna gadam basdy 

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ulag jaýynda 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde dünýäniň iň uly hem-de ägirt tehnologiýa kompaniýasy bolmak üçin ädim äden “Apple” kompaniýasy 48 ýaşyna gadam basdy.

Stiw Jobs, Stiw Wozniak we Ronald Waýne tarapyndan esaslandyrylan “Apple” kompaniýasy 1977-nji ýylda “Apple Computer” ady bilen kompaniýa öwrülipdi.

Kompaniýa 1984-nji ýylda “Makintoş” kompýuterleri bilen täze döwre gadam basdy. 2001-nji ýylda satuwya çykarylan “iPod” aýdym-saz ulgamynda üstünlikleriň başlangyjy boldy.

“Apple”-iň 2007-nji ýylda öndüren “iPhone” ilkinji akylly telefony dünýäde iň köp ulanylýan smartfonlaryň ilkinjileriň biri boldy. 2007-nji ýylda adyndaky “Computer” sözüni aýran “Apple” 2010-njy ýylda “iPad”  atly ilkinji planşetini öndürdi.

Tim Kuk 2011-nji ýylda Stiw Jobsuň ýerine ýetiriji direktory (baş direktory) boldy. Kukyň ýolbaşçylygynda önümleriniň gerimini giňeltmegi dowam etdirip, “Apple” soňra dünýäniň iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi.

Related posts

“Xiaomi” elektrikli awtoulagyny haçan çykarar?

“Google I / O” konferensiýasy

“Tesla” kompaniýasynyň 2021-nji ýyldaky girdejisi

Ata Watan Eserleri