DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň imperator maşgalasynyň resmi “Instagram” hasaby açyldy

Ýaponiýada imperator maşgalasy we olaryň alyp barýan işleriniň mahabatyny has-da artdyrmak maksady bilen jemgyýetçilik torunda resmi “Instagram” hasaby açyldy.

1-nji aprelden işläp başlan “Instagram” hasapda imperator Naruhitonyň we onuň ýanýoldaşy imperator aýaly Masakonyň gatnaşan köpçülikleýin çäreleri barada maglumat berler.

Bu hasapda ilkinji bolup, imperator Naruhitonyň we onuň ýanýoldaşy imperator aýaly Masakonyň ýanwar-mart aýlarynda köpçülikleýin çärelerine gatnaşan suratlary we wideolary ýerleşdirildi.

Şeýle hem bu hasapda mirasdüşer şazada Fumihito we mirasdüşer şa gyzy Kiko barada hem maglumatlar berler.

Related posts

BAE-de 3 günlük ýas yglan edildi

“Green Card” 2026: resminamalary kabul edişlik başlaýar

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar