Şu gün Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşige bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag ulgamy boýunça “Global Gateway” atly maýadarlaryň forumy başlady. Oňa Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň, şeýle hem Kawkaz ýurtlarynyň we Türkiýäniň hökümet, malie edaralarynyň hem-de işewürlik düzümleriniň wekilleri bir ýere jemledi.
Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis bu forumda eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň durnukly ulag ulgamyna maýa goýmak hem-de goldamak maksady bilen 10 milliard ýewro bölüp bermegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.
Bu forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylyk edýär.
Forumyň çäklerinde TranHazar ulag geçelgesini Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň 15 günde birleşdirmek üçin döwrebap, netijeli we multimodal ulag düzümini öwürmek babatda pikir alşylar.
