TEHNOLOGIÝA

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň sanly tehnologiýalar boýunça onlaýn duşuşygy

Sanly tehnologiýalary ösdürmeklige we kämilleşdirmeklige bolan ymtylmanyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň we Ýaponiýanyň Sanly işler boýunça agentliginiň wekilleri onlaýn duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň maksady bilelikdäki işi we sanly tehnologiýalary mundan beýläk-de ösdürmek üçin özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini we ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Duşuşykda tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary döretmek, bilim maksatnamalaryny işläp düzmek we maslahat beriş goldawyny bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açýar we bu möhüm ugurda has çuňňur özara düşünişmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar