JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ilçisiniň Kataryň içeri işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturtdy

Ata Watan Eserleri

Dünya Şampiyonası’nda Biletler Satışta

vepa

Awazadaky BMG-niň forumy 7 sany esasy ugurda geçiriler