JEMGYÝET

Yrakda 12 ýyldan soň gar ýagdy

12 ýyllyk arakesmeden soňra Yrakda ilkinji gezek gar ýagdy. Esasan-da, Bagdad we Mosul şäherleri gar bilen örtüldi. Hatda Dajla derýasynyň käbir bölümlerini buz örtdi. Howanyň derejesi bolsa 3 gradusa çenli düşdi.

Garly gyş Yrak ýaly güneşli ýurt üçin juda seýrek hadysadyr. Şonuň üçin gar ýagan ýerlerde hiç kim sowukdan heder edenok. Hemmeler daşarda gar oýnaýar, garadam ýasaýar. Ýurduň metbugaty bolsa bu ýagdaýyň ýene-de birnäçe ýyllap «arakesmä gitmeginiň» mümkindigini aýdýar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

IRENA guramasy bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar

Ata Watan Eserleri