TEHNOLOGIÝA

“Ga­laxy S24” tanyşdyryldy

“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy “Ga­laxy S24” se­ri­ýa­sy­na de­giş­li smart­fon­la­ry ta­nyş­dyr­dy. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy “Go­og­le” bi­len bi­le­lik­de “Ge­mi­ni” at­ly eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny te­le­fo­na or­naş­dyr­dy. Şeý­le­lik­de ko­reý bren­di “Ga­laxy AI” at­ly eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny smart­fo­ny or­naş­dy­ryp, bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji bol­dy.

ABŞ-nyň Ka­li­for­niya şta­tyn­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da “Ga­laxy S24” mo­de­li­niň je­mi üç nus­ga­sy gör­ke­zil­di. Üç mo­de­liň äh­li­sin­de or­naş­dy­ry­lan “Ga­laxy AI” at­ly eme­li aň mo­de­li­niň di­le dü­şün­mek, ter­ji­me et­mek, su­rat dö­ret­mek we kod­la­mak ýa­ly “dö­re­di­ji­lik uky­by” bar.

“Galaxy S24 Ultra” 256GB, 512GB we 1TB göwrüminde bilen bir hatarda, “Galaxy S24 +” 256GB ýa-da 512GB göwrüminde, “Galaxy S24” bolsa 128GB we 256GB göwrüminde bolar. “iPhone 15” ýaly, “S24 Ultra” hem titan reňkinde hödürlenýär.

“Sam­sung Ga­laxy S24 Ult­ra”-nyň eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­ly esa­sy ka­me­ra­sy­nyň du­ru­ly­gy 200MP hem-de sen­sor ka­me­ra­sy 50MP du­ru­ly­gyn­da. Bu ka­me­ra­lar “Adap­tive Pixel Sen­sor” teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly 2x, 3x, 5x we 10x ýa­kyn­laş­dy­ry­lan­da hem eliň tit­re­me­si­ni bil­dir­mez­den ýo­ka­ry du­ru­lyk­da su­rat al­ýar.
Te­le­fon­la­ryň 24-nji ýan­wa­ra sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.

Täze telefonlaryň Türkiýedäki bahasy şeýle:

  • SAMSUNG GALAXY 24 ULTRA 256 GB | 12 GB RAM | 69.999 TL
  • SAMSUNG GALAXY 24 ULTRA 512 GB | 12 GB RAM | 73.999 TL
  • SAMSUNG GALAXY 24 ULTRA 1 TB | 12 GB RAM | 80.999 TL
  • SAMSUNG GALAXY S24+ 256 GB | 12 GB RAM | 46.499 TL
  • SAMSUNG GALAXY S24+ 256 GB | 12 GB RAM | 46.499 TL
  • SAMSUNG GALAXY S24 128 GB | 8 GB RAM | 39.999 TL
  • SAMSUNG GALAXY S24 256 GB | 8 GB RAM | 42.499 TL

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar