TEHNOLOGIÝA

Ýewropanyňiň iň täze awiakompaniýasy

Dünýädäki iň täze awiakompaniýanyň işe başlamagyna bir hepde galdy. 15-nji oktýabrdan ITA – “Italiýa Trasporto Aereo” Italiýa üçin täze döwlet eýeçiligindäki kärhana bolar. “Alitalia” kompaniýasy ençeme ýyl bäri gülläp ösýärdi, emma soňky döwürde bergilerini üzüp bilmedi.

Ýaňy-ýakynda ITA-nyň “Alitaliýanyň” bergilerini  öz üstüne alyp biljekdigini mälim etdi.

Sentýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi “ITA” bilen “Alitalianyň” aýry-aýry kompaniýalardygyny, “ITA”-nyň täzeden işe başlap biljekdigini mälim etdi.

“ITA”, “Alitaliýanyň” ýerleriniň köpüsini öz üstüne alar diýlip çaklanyldy. “Alitalia” kompaniýasy 94 ugra hyzmat etdi we olaryň 26-sy Italiýada. Şeýle-de bolsa, “ITA”-nyň web sahypasyndaky maglumatlara görä, derrew syýahat etmek üçin satylýan ugurlar köp däl.

 

ABŞ syýahata geljekler üçin täze şertler girizdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer