TEHNOLOGIÝA

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistana sanly çözgütleri ornaşdyrmak, ulag, nebit-gaz pudagy hem-de gazylyp alynýan senagat ýaly ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikli ugur hökmünde garaýar. Bu barada kompaniýanyň marketing we korporatiw aragatnaşyklar boýunça müdiri Migel Simon Ramiro “Trend” agentligine habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär we häzirki wagtda ýerli paýdarlaryň, tehnologiýa hyzmatdaşlarynyň we degişli institutlaryň mümkinçiliklerini öwrenýär. Kompaniýa ýurduň milli zerurlyklaryna laýyklykda möhüm aragatnaşyklar we senagat baglanyşygyny üpjün edýän çözgütleri hödürlemegi maksat edinýär.

Belläp geçilmegine görä, aragatnaşyk tehnologiýalary ugrundaky 50 ýyllyk tejribesi bolan “Teltronic” Türkmenistanyň milli infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak tagallalaryna goldaw bermäge taýýarlygyny bildirýär. Kompaniýa TETRA tehnologiýasyny täze nesil giňzolakly çözgütler bilen utgaşdyrmak arkaly durnukly we ygtybarly aragatnaşyk ulgamlaryny döretmekde toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýär.

TETRA (Terrestrial Trunked Radio) — bu Ýewropa Telekommunikasiýa Standartlary baradaky Institutynyň (ETSI) işläp düzen professional sanly mobil radio aragatnaşyk ülňüsi bolup, ol döwlet edaralary, tiz kömek gulluklary hem-de ulag we senagat ulanyjylary üçin niýetlenendir.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi