SPORT

Maýkl Karrik “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi boldy

Maýkl Karrik “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär. Ylalaşyk häzirki möwsümiň ahyryna çenli göz öňünde tutulandyr.

5-nji ýanwarda “Mançester Ýunaýted” klubunyň baş tälimçisi wezipesinden portugaliýaly Ruben Amorim çetleşdirildi. Şondan soňky iki oýunda baş tälimçiniň wezipeleri şotland Darren Fletçer ýerine ýetirdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Angliýanyň çempionatynda “Burnli” bilen deňme-deň oýnady (2:2) hem-de “Braýton” toparyndan 1:2 hasabynda utulyp, Angliýa Kubogy ugrundaky ýaryşdan çykdy.

44 ýaşyndaky Karrik mundan ozal, “Mançester Ýunaýtedde” iki gezek baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirdi: 2018-nji ýylda Žoze Mourinýonyň we 2021-nji ýylda Ule-Gunnar Sulşeriň wezipesinden boşadylmagyndan soň, topara gysga wagtlyk tälim beripdi. 2022–2025-nji ýyllarda Karrik “Midlsbro” klubunyň baş tälimçisi boldy.

Futbolçy hökmünde “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Karrik bäş gezek Angliýanyň çempiony boldy, Çempionlar ligasyny, Ýewropa ligasyny we klublar arasynda dünýä çempionatyny gazandy.

“Mançester Ýunaýted” 21 tapgyrdan soň 32 utuk toplap, Angliýanyň çempionatynda 7-nji orny eýeleýär. Indiki oýunda, 17-nji ýanwarda, topar “Mançester Siti”ni kabul eder.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy