SPORT

“Kopa Amerika” Braziliýada geçiriler

2021-nji ýylyň tomsunda futbol janköýerlerine gyzykly futbol ýaryşlary garaşýar. Ýewropa yklymynda “Ýewro-2020” futbol çempionaty, Amerika yklymynda bolsa “Kopa Amerika” kubogy ugurnda ýaryşlar geçiriler.

2021-nji ýylda “Kopa Amerika” kubogy ugurndaky ýaryş Argentinada geçirilmelidi. Ýöne ýurtda koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli bu ýaryş Braziliýada geçiriler. Bu babatda Günorta Amerika futbol konfederasiýasy degişli çözgüt kabul etdi. Ýaryş 11-nji iýun-10-nji iýul aralygynda geçiriler.

Ýaryş ýurduň haýsy stadionlarynda geçiriljekdigi barada habar soňra mälim ediler. Günorta Amerika futbol konfederasiýasy bu ýaryşy gurnamak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Braziliýanyň Prezidentine hem-de futbol konfederasiýasyna minnetdarlyk bildirdi.

 

Aguero “Barselona” geçdi

Related posts

Türkiýe we Niderlandlardan soňra 1/4 finalyň duşuşyklary belli boldy

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan rekord

Ata Watan Eserleri