MEDENIÝET

2023-nji ýyl Hindistanda Şahruh Han ýyly boldy

Hindi kino sungatynyň görnükli wekili, Bolliwudyň dünýä belli ýyldyzy Şahruh Han 2023-nji ýylda Hindistanda we bu ýurduň kino sungatynda täze üstünliklere eýe boldy.

Hindistanyň “2023-nji ýylyň şahsyýeti” kim bolmalydygy barada az jedel bolup biler. Şahruh Han bolmaly. Iň soňky hit filmi 2013-nji ýylda “Çennaý Ekspressi” filmi boldy. Şondan bäri onuň filmleri onçakly bir köp tomaşa edilmedi. 2023-nji ýylda kinoteatrlara çykan “Pathan” filmi bilen meşhur aktýor Bolliwuda gaýdyp geldi.

Şahruh Hanyň 10 ýyllyk şowsuzlygy görnetin belli boldy, ol hem beýleki Hanlaryň – Amir we Salmanyň üstünlikleri has aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýöne 2023-nji ýylda Şahruh Han Salman Hany yzda galdyrdy.

Täzeden dünýä inen Şahruh Han “Pathan” atly filmi bilen ähli rekordlary goýup, 10.5 milliard hindi rupiýasy möçberinde girdeji gazandy.

Diňe bu film bilen çäklenmän, Şahrugyň ýene-de 2 sany filmi kinoteatrlarda öz ornuny aldy. Onuň “Jawan” atly filmi bolsa, 11,48 milliard rupiýa girdeji gazandy. Şahruhyň “Dunki” atly filmi bolsa, gysga wagtyň dowamynda 3 milliard rupiýalyk girdeji gazanmagy başardy. Bu 3 filmiň girdejisi 25 milliard rupiýa deň boldy.

Şahruh Hanyň muşdaklarynyň indi ony romantiki rollarda däl-de, eýsem hereketli gahrymanlaryň keşplerinde görmek isleýändigi düşnüklidir.

Bolliwudyň ýyldyzynyň soňky 3 filmi hem hereketli kinolaryň biridir.

Şeýlelikde, Şahruh Han “Pathan”, “Jawan” hem-de “Dunki” atly filmleri bilen bir ýylyň dowamynda 2500 kror gazanan ilkinji hindi aktýory boldy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy