Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 20-nji dekabrda Žogorku Keneş (parlament) tarapyndan kabul edilen “Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary baradaky” Gyrgyzystanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek baradaky kanuna gol çekdi.
Bu kanun Gyrgyz Respublikasynyň esasy döwlet nyşanlaryndan biri bolan ýurduň baýdagyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Kabul edilen kanun arkaly Gyrgyz Respublikasynyň baýdagyndaky tolkun görnüşli Gün şöhleleri göni görnüşe geçirildi.
Şeýle hem kabul edilen kanunda Gyrgyz Respublikasynyň döwlet baýdagy şekillendirilen ähli resminamalaryň hereket ediş möhletini gutarýança öz güýjünde galjakdygy, ýurduň döwlet baýdagynyň şekillendirilen awtoulag belgileri we awtoulag serişdeleriniň bellige alyş şahadatnamalary degişli edara olary çalyşmak kararyna gelýänçä hereket etjekdigi göz öňünde tutulýar.
