DÜNÝÄ

Makron Hindistanda saparda bolar

Hindistan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýurtda bellenýän milli günüň baýramçylyk dabaralarynyň baş myhmany bolmaga çagyrdy. Eliseý köşgi fransuz lideriň saparyny tassyklady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm sapar boljakdygy bellenildi.

Emmanuel Makronyň Hindistanyň sapary 26-njy ýanwarda bellenjek Respublika gününiň dabaralaryna gabatlap, amala aşyrylar we bu sapar Makronyň prezidentlik döwründäki 3-nji sapary bolar.

1950-nji ýylyň ýylyň 26-njy ýanwary Hindistanyň Konstitutsiýasynyň kabul edilmeginiň 74 ýyllygynyň dabaralary bilen utgaşar.

– Çakylyk üçin meniň gadyrly dostum, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modä minnetdarlyk bildirýärin. Hindistan, Respublika gününde bu ýurtda bolaryn we bilelikde gutlarys – diýip, Makron özüniň jemgyýetçilik torunda belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi