Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.
Öz gezeginde, Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garaýşyny tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy özüniň döwlet durmuşynda jogapkärli döwri başdan geçirýär. Geljek ýylyň martynda geçiriljek RF-niň Prezidentiniň saýlawlary döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda möhüm tapgyr bolar. Russiýanyň köpmilletli halkynyň dogry taryhy çözgüdi kabul etjekdigine, şunlukda, rus halkynyň köp nesilleriniň uzak möhletleýin geljek üçin ykbalyny kesgitlejekdigine ynam bildirildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Şunda hökümetara türkmen-rus toparyna wajyp orun degişlidir. Şol toparyň nobatdaky mejlisi geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçiriler. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.