JEMGYÝET

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Related posts

“THY”: maý aýyndaky meýilnamasynda Aşgabat hem bar

Ata Watan Eserleri

Ahmet Çalyk: Türkmenistanda dürli maksatly taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär

Ata Watan Eserleri

Oraza aýy-2024 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar