JEMGYÝET

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi  24-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

– GDA agza döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy Minsk şäherinde geçiriler we şol duşuşykda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasyna serediler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň soňky mejlisi 2023-nji ýylyň oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilipdi. Şeýle hem 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobdatdan daşary mejlisi geçirilipdi.

Related posts

Oraza aýy 2022 : Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýany taýýarlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa gitdi