Nýu-Ýork şäherinde Manhetten sebitindäki dünýäniň iň uly baş Roždestwo arçasynyň müňlerçe çyrasynyň ýakylyş dabarasy boldy. Şäheriň merkezi köçeleriniň birindäki Rokfeller merkeziň öňünde guralan dabara ýüzlerçe adam gatnaşdy.
Agramy 12 tonna bolan 24 metrlik arçany 11-nji noýabrda Nýu-Ýork ştatynyň Kwinsberi şäherinden getirdiler. Onuň bezegi üçin 50 müňden gowrak dürli reňkli lampalardan ybarat bolan, takmynan, 8 kilometr uzynlykdaky bezeg çyrasy gerek boldy. Arçanyň çür depesini “Swarovski” şereketiniň 3 million billury bilen zynatlanan 400 kilogramdan gowrak agramly hrustal ýyldyz bezedi.
Arçanyň çyralary ýakylmazdan öň konsert guraldy. Roždestwo arçasy Täze ýyl baýramçylygyn açenli her gün sagat 17:00-00:00-a çenli ýakylar. 31-nji dekabrda bolsa, 24 sagat ýakylyp durar.
Nýu-Ýorkuň merkezinde Roždestwo arçasy dikmek däbi 1930-njy ýyllaryň başynda ýola goýuldy. Ilkinji gezek 1931-nji ýylda Rokfeller merkeziniň gurluşyk meýdançasynyň öňünde dikildi. 1933-nji ýyldan bäri çyra ýakylyş dabarasy yzygiderli geçirilýär, 1951-nji ýyldan bäri bolsa bu dabara telewideniýe arkaly görkezilýär. Her ýyl millionlarça adam bu arçany synlamak üçin gelýär.