SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň uly Roždestwo arçasynyň çyralary ýakyldy

Nýu-Ýork şä­he­rin­de Manhetten sebitindäki dünýäniň iň uly  baş Rož­dest­wo ar­ça­sy­nyň müň­ler­çe çy­ra­sy­nyň ýa­ky­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Şä­he­riň mer­ke­zi kö­çe­le­ri­niň bi­rin­dä­ki Rok­fel­ler mer­ke­ziň öňün­de gu­ra­lan da­ba­ra ýüz­ler­çe adam gat­naş­dy.

Ag­ra­my 12 ton­na bo­lan 24 metr­lik ar­ça­ny 11-nji no­ýabr­da Nýu-Ýork şta­ty­nyň Kwinsberi şäherinden ge­tir­di­ler. Onuň be­ze­gi üçin 50 müň­den gow­rak dür­li reňk­li lam­pa­lar­dan yba­rat bo­lan, tak­my­nan, 8 ki­lo­metr uzyn­lyk­da­ky be­zeg çy­ra­sy ge­rek bol­dy. Ar­ça­nyň çür de­pe­si­ni “Swa­rovski” şe­re­ke­ti­niň 3 mil­li­on bil­lu­ry bi­len zy­nat­la­nan 400 ki­log­ram­dan gow­rak ag­ram­ly hrus­tal ýyl­dyz be­ze­di.

Ar­ça­nyň çy­ra­la­ry ýa­kyl­maz­dan öň kon­sert gu­ral­dy. Rož­dest­wo ar­ça­sy Täze ýyl baýramçylygyn açenli her gün sagat 17:00-00:00-a çenli ýakylar. 31-nji dekabrda bolsa, 24 sagat ýakylyp durar.

Nýu-Ýorkuň merkezinde Rož­dest­wo ar­ça­sy­ dikmek däbi 1930-njy ýyllaryň başynda ýola goýuldy. Il­kin­ji ge­zek 1931-nji ýyl­da Rok­fel­ler mer­ke­zi­niň gurluşyk meýdançasynyň öňün­de di­kil­di. 1933-nji ýyl­dan bä­ri çy­ra ýa­ky­lyş da­ba­ra­sy yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär, 1951-nji ýyl­dan bä­ri bol­sa bu da­ba­ra te­le­wi­de­ni­ýe ar­ka­ly gör­ke­zil­ýär. Her ýyl millionlarça adam bu arçany synlamak üçin gelýär.

Related posts

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanda käbir çäklendirmeler ýatyrylýar