SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalary gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada hasabat berdi. Hususan-da, olary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen degişli işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

Lukmanlara ýol açyk

Ata Watan Eserleri

THY: 3 sany ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Moskwa we Kazan: Noýabr we dekabr aýy üçin uçuş meýilnamasy

Ata Watan Eserleri