BIZNES

Lebap welaýatynda täze gaz ýatagy tapyldy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi.

Şonuň esasynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Munuň özi çykarylýan mawy ýangyjyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen geologlary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze açylan gaz ýatagyny özleşdirmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler