MEDENIÝET

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da azer­baý­jan hal­ky­nyň umu­my­mil­li li­de­ri Geý­dar Ali­ýe­wiň dog­lan gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Heý­dar Ali­ýew — Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň do­gan­ly­gy» at­ly kon­sert ge­çi­ri­ldi.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň habar bermegine görä, konsert baş­la­ma­zyn­dan ozal Mu­kam­lar köş­gü­niň fo­ýe­sin­de Geý­dar Ali­ýe­wiň dur­mu­şy­ny hem-de dur­mu­şa ge­çi­ren iş­le­ri­ni, şeý­le hem Azer­baý­ja­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän fo­to­su­rat­la­ryň ser­gi­si gu­ra­ldy.

Konsert maksatnamasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Konsert başlamazdan ozal, çykyş eden Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky ilçisi Gismet Gezalow azer­baý­jan hal­ky­nyň umu­my­mil­li li­de­ri Geý­dar Ali­ýe­wiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan goşandy barada gürrüň berdi.

Azer­baý­ja­nyň «Mu­gam» an­samb­ly­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň bi­le­lik­de gat­naş­ma­gyn­da Azer­baý­ja­nyň halk aý­dym­la­ry­ny hem-de kom­po­zi­tor­la­ryň dö­re­den ta­ny­mal eser­le­ri­ ýe­ri­ne ýe­ti­rildi.

Azerbaýjan halkynyň aýdym-sazlary konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Related posts

Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň ajaýyp eserleriniň Italiýada sergisini guramak meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Döredijilik wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi