BIZNES

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisi Saud Arabystanyda geçiriler

Halkara Sergiler Býurosyna agza döwletleri 2030-njy ýyldaky “EKSPO” bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Saud Arabystanyny saýladylar. Bu barada Halkara Sergiler Býurosynyň metbugat gullugy habar berýär.

“EKSPO-2030″ bütindünýä sergisi 2030-njy ýylyň 1-nji oktýabry-2031-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda guralar. Bu halkara forum ” Özgerişleriň eýýamy: bilelikde ertirki güni göz öňüne getirýäris” şygary bilen geçiriler.

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisini guramak üçin 3 ýurt dalaşgärlik etdi. Saud Arabystany bilen bir hatarda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäheri hem-de Italiýanyň Rim şäheri halkara sergini guramak ugrunda bäsleşdi.

Halkara sergini gurnaýan döwleti saýlamak üçin gizlin “bir döwlet-bir ses” ýörelgesi esasynda elektron ses berişlik geçirildi. Saud Arabystany birini tapgyrda ses beren ýurtlaryň 119-synyň sesini alyp, halkara sergini gurnaýan ýurt hökmünde saýlandy.

Soňky gezek “EKSPO” bütindünýä sergisi 2020-nji ýylda Dubaýda geçirildi. Oňa 24 million syýahatçy gatnaşdy. 2025-nji ýylda “EKSPO” bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guralar.

Related posts

«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Yrak Türkmenistandan tebigy gaz satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip edildi