SPORT

Ronaldonyň Saud Arabystanyda muzeýi açyldy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň futbolçysy, meşhur portugal ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň Saud Arabystanyda muzeýi açyldy.

Futbolçy özüniň jemgyýetçilik tory arkaly bu barada şeýle diýdi: “Bu meniň taryhym. Madeýradan Saud Arabystanyna çenli meniň “CR7″ muzeýim Er-Riýad şäherinde açyldy”.

Muzeýde Ronaldonyň futbol köýnekçeleri, baýraklary, köwüşleri, gazanan kuboklary we medallary, şeýle hem “Altyn pökgi” baýraklary bar.

Ronaldo “Al-Nasr” toparyna gyşky transfer döwründe geçdi. Ol hem 2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyndan soň bolup geçdi.

Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde oýnan 200 duşuşygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem ol ýyllyk gazanjy boýunça hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Related posts

Futbol täzelikleri: PSŽ finalda

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Mario öz ýoluny Italiýada dowam edip biler