HEKAÝALAR

Sagat

Täze ýyla                                 

                                                   Hekaýa

Şol gezekki Maral ejeleň maşgalasynyň Täze ýyly garşy alyşlaryny obamyz henizem ýadyndan çykaranok. Men-ä ol ýatdan çykaram öýdemok, sebäp ol durmuşyň  Täze ýyl bilen bagly wakasy. Baýramçylyklarda, onda-da, uly baýramçylyklarda ýüze çykýan wakalar bolsa unudylmazak bolýar.

Geliň indi gürrüňe başlalyň. Onsoň senem ony unutmarsyň.

Täze ýyla garaşylan gün Maral eje çagajyklaryna ýuwaşja, ýöne düşnükli edip şeýle tabşyryk berdi. Tüweleme, oň üç çagasy bar. Ulujasy dokuz ýaşynda. Ikinjisi täze ýyl sekizini doldurýar. Iň körpesi bolsa ýedi ýaşynda.

Çagalar akyllyja, ýöne olarda az-kem çaga garagollygam bar. Maral eje gürrüňi şundan başlady.

– Men dogry oniki nol-nolda myhman çagyrdym. Şonuň üçin üçüňizem saçak başyna geçilýän wagty geçersiňiz. Şoňa çenli hakyllyja bolup oturyň. Düşnüklimi?!

Ine şu ýerde-de owadan hekaýaň başy başlandy.

Çagalar ejelerine “hä” berenem bolsalar zordan on bire ýetdiler. Olaryň üçüsiniňem hem-ä Täze ýyly garşy alaslary gelýädi, hemem ukulary tutýady. Şeýle ýagdaýda wagt geçmezek bolýar. Şonuň üçin oglanlaryň iň kiçileri beýlekileriň goňşy otaga gideninden peýdalanyp, duldaky duran ullakan sagadyň dilini, ejem bilesem ýok-laý diýip, on minut öňe süýşürdi.

Soň ortanjy oglanjygyň içi byjyklap ugrady. O-da garşy-garşy sagada seredip, uludan pallady-da, onuň süýşmeýanine öz ýanyndan hüňürdäp, ahyram beýlekileriň gözüne güýdüşip, Täze ýylyň on minudyny çildi. Bolsa-da oň eden garagollygyny doganlaram, ejesem bilmedi.

Az-kem ajygyp ugran uly doganlaram: “On minut ullakan zat däl-ä, ejem bilesi ýok” diýip, olam sagadyň dilini hiç kime bildirmän öňe sürdi.

Täze ýylyň aladasy bilen hysyrdanyp ýören Maral daýza bir görse, on iki bolmaga ýarym sagatjyk bar. O bolsa entek palowyň tüwüsinem atanok. Wagtyň şeýle basym geçäýşini diýsene. Ine, haý diýmänem myhmanlar geler.

Maral daýza näme etjegini bilmän iki-baka byzbydyklady. Soňam myhmanlara sagadymyz ýalňyş eken diýerin diýip, diwarda asylgy duran agyr sagadyň dilini dogry otuz minut yza süýşürdi.

Gowy zady bu edilen garagollugy çagalaryň hersi öz içinde saklady. Ilki her kim öz syryny beýlekilerem bilýändir öýdüp müýnürgedi. Soňam, hawwa soňam göni sagat on iki bolanda myhmanlar geldi. Soňam näme, saçak başyna ýygnanyşdylar.

Ilki hormat edip doganlaryň iň kiçisine söz berdiler. Ol öz syryny özünden uly dogany bilýändir öýdüp – sebäp ol nämüçindir jigisine ýüzüne ýylgyryp ýygy-ýygydan seredýärdi, sözi şundan başlady.

– Täze ýylyň bir gowy zady birek-birege sowgat edilýär. Men özümden uly doganyma birýan gyrasy, birýan gyrasy gök ýazýan galamymy sowgat etjek.

Muňa hemmeler elçarpyşdylar. Soň aňsatja galam eýesi bolan doganyna söz berdiler. Olam ös syryny uly dogany bilýändir öýdüp şeý diýdi.

– Jigim sözi Täze ýyl sowgadyndan başlady, menem öz gezegimde şony aýtmakçy. Özümiň suratly kitabymy uly hormat bilen iň uly doganyma berýärin.

Ýene elçarpyşmalar dowam etdi.

Söz iň uly doganlaryna ýetende ol başgaça gürledi.

– Men Balyk ýylyny gowy görýän. Sebäp balyk janaweriň özi hemişe dymyp gezýär. Saçagyň başynda artyk zat gürlemän dymylsa ýagşy…

Bu sözem oňlandy. Gezek Maral ejä gelende olam öz syry bilinýändir öýdüp başgaça sözledi.

– Näme diýseňizem, kiçijek gola dakynylýan sagat uly diwar sagatlardan gowy. Diwar sagady bolsa ýyllaryň basym aýlanyşy ýaly şol öňe gidesi gelip dur. Şonuň üçin geliň Balyk ýyly howlukmazlyga çalşalyň!

Soň gelen myhmanlaryň biri gürledi.

– Biz ilki kiçi maşyn bilen gaýtjak bolduk. Eger kiçi maşyn bilen gaýdan bolsak bir sagat, juda bolmasa ýarym sagat iriräk gelip bilerdik. Soňam gel awtobus bilen gideli-le diýip awtobusa mündük. Az-kem gijä galanam bolsak bagyşlaweriň.

Soň Täze ýyl – Balyk ýyly barada kän gürrüň edildi. Ýöne gowy ýeri bi edilen garagollugyň sepi açylman galdy.

                                                                                  Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri