Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

Köpetdagyñ eteginde ýerleşen,

Halkyñ buýsanç, arzuwlary birleşen.

Agzybir ýurt bir suprada jemleşen,

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

 

Munda belent sepgitleriñ bady bar,

Binýadynda Gahrymanyñ ady bar.

Arkadagdan nesillere ýadygär,

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

 

Görseñ galmaz göwünleriñ gussasy,

Goý gorasyn ýüzärligiñ tüssesi.

Ýürekleriñ aýdym, gazal, kyssasy,

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

 

Arzuwlar çeşmesi, ylham gözbaşy,

Ady bezär şygrymyzyñ sözbaşy.

Ösüşlerde göge dirär çürbaşy,

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

 

Ösen tehnalogiýa, şäher merkezi,

Şahyr eder haýran edip her kesi,

Bagty buşlar, bagtly günleñ ertesi,

Arkadag şäheri-bagtyñ şäheri.

Dursun Myradowa,

Mary welaýatynyñ Garagum etrabynyñ ýaşaýjysy.

Related posts

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Türkmen judocuların Fas zaferi

vepa

Kompýuteriň kwant ýady

vepa