SPORT

“Ahal” (Türkmenistan) – “Pahtakor” (Özbegistan): 1:1

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň iň uly ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň toparçalardaky duşuşyklarynyň 4-nji tapgyryna badalga berler. Ýurdumyza wekilçilik edýän “Ahal” topary Özbegistanyň “Pahtakor” toparyny kabul etdi.

“Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady.

Oýnuň ikinji ýarymynda has erjel oýun görkezen “Ahal” topary duşuşygyň 81-nji minutynda öňe saýlandy. Türkmen toparynyň düzüminde Alibek Abdyrahmanow tapawutlandy.

Duşuşygyň 64-nji minutynda “Pahtakor” toparynyň futbolçysy Odiljon Hamrobekow gyzyl kart alyp oýunda çykaryldy.

Emma muňa garamazdan, özbek topary 90+5-nji minutda tapawutlanyp, hasaby deňledi. “Pahtakor” toparyndan Hojimat Erkinow toparynyň goluny öz adyna ýazdyrdy.

“A” toparçasynda çykyş edýän “Ahal” topary bilen bu toparçada BAE-niň “Al-Ain”, Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” we Özbegistanyň “Pahtakor” toparlary çykyş edýär.

Toparçada öňdeligi BAE-niň “Al-Ain” topary eýeläp gelýär.

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar