Paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Baştutanlary yzygiderli ýagdaýda strategik ähmiýetli gatnaşyklary saklaýarlar, geljek üçin ugurlary kesgitleýärler. Bu bolsa dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine ýardam edýär.
Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan fotosergi çärä aýratyn öwüşgin berdi. Sergi hytaýly suratçylaryň öz ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan işlerinden ybaratdyr.
Şeýlelikde, döredijilik forumy Türkmenistanyň jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, biziň halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşyklarynyň berkdigini görkezdi we türkmen-hytaý medeni hyzmatdaşlygyny, köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde täze sahypany açdy.
