MEDENIÝET

Burak Özçiwit Kristiano Ronaldo bilen duşuşdy

Birnäçe hepde mundan ozal, Türkmenistanda geçirilen “Arkadagyň säheri” atly kinofestiwala gatnaşan Türkiýäniň meşhur aktýory Burak Özçiwit bu gezek Saud Arabystanyna gitdi. Ol bu ýerde Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzüminde çykyş edýän, Portugaliýanyň ýyldyzy Krsitiano Ronaldo bilen duşuşdy.

Burak Özçiwit bilen Kristiano Ronaldonyň bilelikdäki suraty jemgyýetçilik torunda uly gyzyklanma döretdi. Türk aktýory özüniň haýran galýan futbolçysy bilen Saud Arabystanyda geçirilen dabarada duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy.

Burak Özçiwit Ronaldo bilen düşen suratyny 24,8 million yzarlaýjysy bolan “Instagram” jemgyýetçilik tory arkaly muşdaklaryna ýetirip, onda portugal futbolçysynyň janköýeridigini belledi.

1984-nji ýylda doglan Burak Özçiwit häzirki wagtda Türkiýede we dünýäniň köp sanly ýurdunda uly gyzyklanma bildirilip, tomaşa edilýän “Kuruluş: Osman” teleserialynda baş keşbi janlandyrýar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy