DÜNÝÄ

Wladimir Putin 71 ýaşyny belleýär

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin özüniň doglan gününi belleýär. Wladimir Putin 71 ýaşady. Ol soňky 20 ýylda doglan gününi prezident wezipesini döwründe belledi.

Russiýanyň Prezidenti bu gezekki doglan gününde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda Russiýanyň tebigy gazynyň Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana iberilip başlanmagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşar.

Adatça, Wladimir Putin öz doglan gününi ýakynlary bilen belläp geçýär. Şeýle hem her ýyl Putin doglan gününde daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryndan we ýolbaşçylaryndna gutlag hatlaryny alýar. Şeýle hem Putin doglan günlerinde käte-käte Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary bolan döwletleriň baştutanlaryny kabul edýär. Geçen ýyl 7-nji oktýabrda Sankt-Peterburg şäherinde GDA-nyň resmi däl duşuşygy bolupdy.

Köplenç Wladimir Putin doglan gününi ýa Moskwa şäherinde ýa-da Sankt-Peterburg şäherinde belleýär. Ol 50 ýaş ýubileýini Kişinew şäherinde belläpdi. Şol ýyl Putin GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin Moldowa gidipdi. Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti 2013-nji ýylda 61 ýaşyny Bali adasynda geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň döwründe belläpdi.

2014-nji ýylda Putin öz doglan gününde taýga tokaýlyklaryna gidip, şol ýerde geçiripdi.

Wladimir Putin 71 ýaşan bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti noýabr aýynda 81 ýaşyny belleler. GDA-nyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýaşdaş. 5-nji oktýabrda Emomali Rahmon hem 71 ýaşyny belledi. Gazak Lideri Tokaýew geljek ýyl 71 ýaşaýar.

Belarusyň Prezidenti 69 ýaşynda, Özbegistanyň Prezidenti 66 ýaşynda, Azerbaýjanyň Prezidenti bolsa, 61 ýaşynda.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri