BIZNES

Birža täzelikleri: özbek işewürleri polipropilen satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardylan pagta süýümini, şeýle hem dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 4 million 800 müň manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär

“Galkynyş” gaz käni: ýyllyk 200 milliard kubmetrlik gaz akymy

Ata Watan Eserleri

Türkmen İşçi Oranı Artacak

vepa